Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Lebapda 40 çaga operasiýa ediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Lebapda 40 çaga operasiýa ediler
Häzire çenli ýarawsyz çagalara edilen operasiýalar Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde geçirildi. (Surat: ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy)

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Lebap welaýatynda jemi 40 sany çagany operasiýa etmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habara görä, operasiýalaryň has çylşyrymlylaryny Aşgabatdaky halkara derejeli saglyk merkezlerinde geçirmek üçin hem ähli mümkinçilikler dörediler. Operasiýalar, esasan, dyz bogunlarynyň çekiji peýlerini uzaltmak, gulak-burun-bokurdak, stomatologiýa ýaly ugurlar bilen baglydyr.

Häzirki wagta çenli ýarawsyz çagalara edilen operasiýalar Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde geçirildi.

Operasiýa edilen bäş çaganyň üçüsi welaýat Çagalaryň saglygyny dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda terbiýelenýär. Beýleki iki çaga bolsa welaýat Çagalar öýünde terbiýelenýär.

Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynyň başynda paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky degişli lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergilerini geçirmek üçin Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda Çözgüt kabul edipdi.