Türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksportynyň meselelerine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksportynyň meselelerine garaldy
Taraplar energetika pudagy, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna ünsi çekdiler.

Anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 7-nji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda türkmen tebigy gazynyň eksporty bilen baglanyşykly meseleler babatynda pikir alşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, türkmen tarapyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Çžan Tzýanhua ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Taraplar şu ýylyň maý aýynda geçirilen iki döwletiň Liderleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik netijesinde nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Öňki geçirilen mejlisleriň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns çekildi.

Mundan başga-da, mejlisiň çäklerinde söwdanyň göwrümini artdyrmak, gaz ýataklaryny özleşdirmek, önümçiligi artdyrmak we maliýeleşdirmek ugrunda gatnaşyklary giňeltmek boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Şeýle-de taraplar energetika pudagy, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna ünsi çekdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022