Türkmenistanyň Prezidenti: harytlaryň bolelinliginiň üpjün edilmegi möhümdir

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti: harytlaryň bolelinliginiň üpjün edilmegi möhümdir
“Gülistan” bazary, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Milli Liderimiz söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna Täze ýylyň ýetip gelýän günlerinde ýurdumyzyň bazarlarynyň, söwda merkezleriniň harytlar bilen doly üpjün edilişini gazanmagyň möhüm talap bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew Täze ýylyň öňüsyrasyndaky şu günlerde ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlar bilen bolelin üpjün edilmegi ugrunda görülýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, söwdanyň medeniýetini, halka hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň isleglerini öwrenmek, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny giňeltmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyryp, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberlerini bolsa azaltmagyň zerurdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz bu işlerde kiçi we orta telekeçiligiň eýeleýän möhüm ornuny göz öňünde tutup, hususy ulgamda işleri kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini nygtamak bilen, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harytlaryň görnüşini köpeltmek ugrunda alnyp barylýan işlerde, şeýle hem käbir guramaçylyk işlerinde nogsanlyklara ýol berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek olara soňky gezek duýduryldy.

Şeýle-de iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri geljek ýyl bol hasyl ýetişdirmek üçin ekiş möwsümine taýýarlanylyş işler barada hasabat berdiler.

2022