Batareýa önümçiligi: geçmişden häzirki döwre çenli

Nurmyrat Mommaýew
Batareýa önümçiligi: geçmişden häzirki döwre çenli
Litiý magdanynyň gaýtadan işlenmegi hem-de ony batareýa tehnologiýasynda ulanmak üçin täze usullaryň tapylmagy batareýa önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrdy.

Geçen ýyllarda batareýanyň ýaramlylyk möhletiniň gysga bolmagy we onuň ýokary önümçilik çykdajylary sebäpli, batareýa bilen işleýän gurallaryň sany bu günki güne görä örän azdy. Häzirki wagtda bolsa olara bolan isleg öňküsinden birnäçe esse köpeldi. Öňler batareýalar diňe belli bir pudaklarda ulanylsa-da, häzirki döwürde akylly ulgamlardan awtoulag pudagyna çenli köp sanly ugurda zerur bolup durýar.

Batareýalaryň ýaramlylyk möhletleriniň gysga bolmagy, geçen ýyllarda olaryň belli bir derejede pes hilli öndürilmegi, şeýle hem bir gezekde ulanylmagy sebäpli, bu görnüşli batareýalar häzirki döwürde öňki ulanylýan ugurlarynda düýbinden ulanylmaýar.

Şunuň bilen baglylykda, alternatiwa hökmünde litiý magdanynyň gaýtadan işlenmegi hem-de ony batareýa tehnologiýasynda ulanmak üçin täze usullaryň tapylmagy batareýa önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrdy. Bu bolsa öz gezeginde litiýe bolan islegiň artmagyna sebäp boldy.

Dünýäniň köp ýerlerinde litiý ätiýaçlyklarynyň barlygyna garamazdan, gaýtadan işlenmegi ep-esli maýa goýumlaryny talap edýändigi sebäpli onuň önümçiligi hem çäklidir. Şonuň üçin hödürleme bilen hyrydarlygyň deňagramlylygy bozulyp, litiý möhüm we gymmatly çig mallaryň hataryna girdi. 2012-nji ýylda bir tonnasy 4,45 müň ABŞ dollaryna barabar bolan litiýniň bahasy 2016-njy ýylda 60% ýokarlandy we 8,84 müň ABŞ dollaryna ýetdi. Pandemiýa döwründe litiýe bolan islegiň azalmagy netijesinde onun bir tonnasynyň bahasy 6,8 müň ABŞ dollaryna çenli arzanlasa-da, geçen ýyl onuň bir tonnasynyň bahasy 3 esse ýokarlandy we  17 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. 2022-nji ýylda bolsa onuň bahasy 4 esseden gowrak artyp, 78 müň ABŞ dollara deň boldy.

Aşakda soňky on ýyldaky litiý bahalary görkezilendir:

  • 2012: müň ABŞ dollary,
  • 2013: 4,75 müň ABŞ dollary,
  • 2014: 4,68 müň ABŞ dollary,
  • 2015: 5,11 müň ABŞ dollary,
  • 2016: 8,84 müň ABŞ dollary,
  • 2017: 12 müň ABŞ dollary,
  • 2018: 14,66 müň ABŞ dollary,
  • 2019: 11,31 müň ABŞ dollary,
  • 2020: 6,8 müň ABŞ dollary,
  • 2021: 17 müň ABŞ dollary,
  • 2022: 78 müň ABŞ dollary.

Dünýäde pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň gowşadylmagy bilen batareýa önümlerine bolan isleg öňküsinden has ýokarlandy we olaryň bahalarynyň gysga möhletde peselmegine garaşylmaýar.

“Tesla” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Elon Mask özüniň “Twitter” hasabynda belleýşi ýaly, batareýa önümçiliginiň möhüm bölegi bolan litiýniň bahasynyň rekord dereje ýokarlanmagy sebäpli “Tesla” kompaniýasynyň litiý gazyp almak we gaýtadan işlemek pudagyna gönüden-göni we giň gerimde girip biljekdigini aýtdy. “Litiýniň bahasy rekord derejede ýokarlandy. Litiý magdany dünýäniň köp ýerinde bolansoň, ätiýaçlyk bilen bagly meseleler ýüze çykman biler. Ýöne olaryň gazylyp alynmagy we gaýtadan işlenmegi bilen baglanyşykly işler haýal amala aşýar” diýip, “Tesla” kompaniýasynyň ýolbaşçysy belledi. Şeýle-hem, Elon Mask täze litiý zawodlarynyň gurulmagy bilen onuň önümçiliginiň 2030-njy ýyla çenli 3 esse ýokarlanyp biljekdigini aýtdy.

Ozal belleýşimiz ýaly, “Tesla” diňe bir awtoulag öndüriji kompaniýa bolman, eýsem batareýa önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýa hökmünde hem kesgitlenip bilner. Bilermenler öňümizdäki ýyllarda kompaniýanyň degişli taslamalary durmuşa geçirmegi bilen, munuň has hem aýdyň görünjekdigini çaklaýarlar.

Şeýlelikde, batareýa işiniň esasanam ýaramlyk möhleti uzyn hem-de has kämilleşen batareýa önümçiliginiň ýakyn geljekde iň girdejili pudaklaryň hataryna girmegine garaşylýar.

Ogulgerek Rejepowanyň, şeýle hem Tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasowyň Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde çap edilen makalalarynda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanda litiý önümçiliginiň ýola goýulmagy we litiýniň dünýä bazaryna çykarylmagy, geljekde ýurduň bu ugurda möhüm bazara öwrülmegine itergi berip biler. Türkmenistanyň litiý önümçiligi we bu strategiki önüm bilen dünýä bazarlaryny üpjün edip bilmegi üçin ähli tebigy, tehnologiki hem-de adam resurslary bardyr.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022