Türkmenistan bilen Täjigistan parlamentara hyzmatdaşlyga garady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Täjigistan parlamentara hyzmatdaşlyga garady
Duşuşygynyň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. (Surat: khovar.tj)

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygynyň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, soňky wagtda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary çalt iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, netijeli parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň hem-de giňeltmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň möhümdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy iki ýurduň arasynda ählitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022