ÝB Türkmenistanyň BSG-a agza bolmagy boýunça ýardam bermäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB Türkmenistanyň BSG-a agza bolmagy boýunça ýardam bermäge taýýar
Türkmenistan 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-a goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) döwlet hökmünde girdi.

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak prosesine ýardam bermäge we bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga taýýardyr. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Metbugat ýygnagy Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Aşgabat. Taryhyň bir döwri” atly surat kitabynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlandy.

“Türkmenistanyň BSG-a işjeň synçy derejesiniň bardygyny bilýäris. ÝB Türkmenistanyň hökümeti bilen BSG-a doly agza bolmak prosesi boýunça birnäçe gepleşikleri we duşuşyklary alyp barýar” diýip, ilçi Diego Ruiz Alonso aýtdy.

Onuň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ÝB Özbegistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar, sebäbi Özbegistan hem BSG-a agza bolmak ugrunda birnäçe gepleşikleri alyp barýar. 

Şol modeli Türkmenistan üçin hem ulanmak, ýagny ýurduň BSG-a agza bolmak prosesini alyp barmaklary üçin ýerli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda tehniki kömegi bermeklik meýilleşdirilýär diýip, ÝB-niň ilçisi metbugat ýygnagynda nygtady.

Şeýle-de Türkmenistanyň BSG-a işjeň synçy derejesi ýurduň köptaraplaýyn söwda ulgamynyň düzgünlerine laýyk hereket etmek maksadyny görkezýändigi bellenildi.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-a synçy döwlet hökmünde girdi. BSG Türkmenistanyň bu gurama girmek baradaky resmi arzasyny 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda  kabul etdi. Türkmenistan 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-a goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) döwlet hökmünde girdi.

Häzirki wagtda Türkmenistandan başga-da 23 döwlet BSG-a agza bolmak boýunça gepleşikleri geçirýär.

2022