Türkmenistanyň Prezidenti duşenbe güni Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamy boýunça Gün tertibiniň çäklerinde bilelikde işlemegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-logistika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly bütin adamzada dahylly wajyp meseleleriň çözülmeginde işjeň orun eýeleýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow alnyp barylýan işlere ýokary baha berendigi üçin Amina Mohammede minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň strategik taýdan möhüm ugurlarda halkara tagallalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini nygtady.