Global üpjünçilik zynjyrynda ýüze çykýan päsgelçilikler ýurtlaryň gysga we arzan ulag geçelgelerini gözlemeklerine itergi berdi. Bilermenler bu ýagdaýda Merkezi Aziýa-Eýran-Türkiýe geçelgesiniň barha artýan ulag geçelgesine öwrüljekdigini çaklaýarlar. Bu ýurtlarda ýük awtoulaglaryndan 20 esse has köp haryt daşamaga mümkinçilik berýän demir ýol ulgamyny ösdürmek ileri tutulýar.
Ýewraziýadaky paýlaýyş ulgamynda Merkezi Aziýanyň ähmiýeti günsaýyn ýokarlanýar. Häzirki wagtda sebitde durmuşa geçirilýän ulag boýunça taslamalaryň artmagy muňa şaýatlyk edýär. Mundan ozal, taslama tapgyrynda bolan ýa-da bölekleýin durmuşa geçirilýän taslamalar gysga wagtda tamamlanýar.
Jemi uzynlygy 4 müň 400 kilometr bolan Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan (CKU) demir ýol ulgamyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. 20 ýyl ozal döredilen we gatnaşyjylar tarapyndan uzak wagtlap maslahatlaşylan bu taslama degişli döwürde bölekleýin amala aşyryldy. Soňky ýyllarda global üpjünçilik zynjyrynda ýüze çykan kynçylyklar bilen baglylykda, ýurtlar taslamanyň soňky görnüşi boýunça ylalaşdylar. 20 ýyldan gowrak wagt bäri ara alnyp maslahatlaşylýan Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan (CKU) demir ýoly taslamasynyň Samarkantda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde taraplaryň ylalaşyga gol çekmegi bilen durmuşa geçirilmegine garaşylýar.
Bu taslama arkaly Hytaýdan ugradylýan ýükler Gyrgyzystanyň üstünden geçip, ilki Özbegistana, soňra Türkmenistana barar. Ol ýükler Türkmenistandan Eýrana, Azerbaýjana we soňra Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa baryp ýeter.
Ýene bir täze başlangyç hökmünde Hytaýy Gazagystanyň üsti bilen Türkiýä birleşdirjek we “Merkezi geçelge” diýlip atlandyrylýan Trans-Hazar halkara ulag geçelgesini (TITR) bellemek mümkindir. Resmi taýdan bu geçelge 2017-nji ýyldan bäri dowam edip gelse-de, häzirki döwürde onuň netijeli durmuşa geçirilmeginiň üstünde işlenilýär.
Şeýle-de Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň gatnaşmagynda 2014-njy ýylda döredilen 908 kilometre deň bolan Gündogar Hazar demir ýol geçelgesinden netijeli peýdalanmak hem-de ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýylda 5 million tonna çenli ýüki daşamaga mümkinçiligi bolan bu demir ýol geçelgesi Hazar deňziniň Gazagystan we Türkmenistan böleklerini Pars aýlagy bilen birleşdirýär. Öňümüzdaki ýakyn ýyllarda bu ugurda ýük daşamak mümkinçiligini 12 million tonna çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bilermenler bu taslamalaryň Ýewraziýa paýlaýyş ulgamynyň ösdürilmeginde sebitiň geosyýasy ähmiýetini ýokarlandyrjakdygyny çaklaýarlar.
Netijede, ýakyn ýyllarda sebitdäki ösüşleriň aglaba böleginiň logistika we ulag infrastrukturasyna bagly boljakdygyna garaşylýar.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty