Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda şu ýylyň 15-nji martynda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen-tatar işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Maslahata Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar toparynyň agzalary bolan döwlet we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň, ýurdumyzyň hem-de Tatarystanyň dürli pudaklarda işleýän kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa, onuň sebitleri, hususan-da, Tatarystan bilen dürli ugurlardaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Şeýle hem wise-premýer Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 17-23-nji mart aralygynda serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, onda birleşmäniň dürli ugurda iş alyp barýan 200-den gowrak agzasy öz önümlerini hem-de şu geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezjekdiklerini belledi.