Türkmen kärhanalary birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kärhanalary birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar
“Bagdan” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide, 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen kärhanalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda geçirilen serginiň çäklerinde guralan maslahatda birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryna, ähtnamalara gol çekdiler.

“Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar bermegine görä, “Bagdan” hojalyk jemgyýeti bilen Türkiýäniň “Bulutlar Kuruyemiş Tarim” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama mekgejöwen çipsilerini, pisse maňyzlaryny, lukumlary, wafli kökelerini, süýjüleri doganlyk ýurda eksport etmegi göz öňünde tutýar.

Hojalyk harytlaryny öndürmek üçin himiýa serişdelerini satyn almak maksady bilen, “Täç hil” hususy kärhanasynyň we Türkiýäniň “Ostan Grup Diş Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda hem şertnama gol çekildi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Belli tilsimat” hojalyk jemgyýeti bilen “Sinergiýa” kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen resminamalar maglumat tehnologiýalary ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022