Alymlar Türkmen kölüniň ulgamynyň ekologiýa kartasyny düzdüler

Alymlar Türkmen kölüniň ulgamynyň ekologiýa kartasyny düzdüler
Özboluşly gidrotehniki desganyň ähli zeýkeşleriniň uzynlygy 2859 kilometrdir, şol sanda welaýatlarda gurlan Baş zeýkeşe guýýan kanallaryň uzynlygy 1553 kilometrdir.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (TYA) Himiýa institutynyň hünärmenleri “Altyn asyr” Türkmen kölüniň zeýkeş-zeýakaba suw ulgamlarynyň gidrohimiki barlaglaryny tamamladylar. Biotiki ýagdaýlar we ulanylan suwlaryň duzlulygy baradaky maglumatlaryň esasynda ekologiýa kartalary düzüler, olar gurak ýerlerde ekarançylygy, maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçin çelgi bolar.

Himiýa we daşky gurşawyň ekologiýasy laboratoriýasynyň müdiri Çary Kulyýewiň aýtmagyna görä, bu iş tutuş dünýäde suw ýetmezçiligi bilen baglanşyklydyr we suwarymly ekarançylyk hem-de gurak ýerlerde suwdan peýdalanmak şertlerinde ýurduň suw serişdelerinden aýawly peýdalanmaga gönükdirilendir.

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda her ýyl 10 kub kilometre çenli ulanylan suw Amyderýa guýulýardy hem-de öri meýdanlaryny basýardy, 50 kub kilometr suw Sarygamyş kölünde toplanýardy. Bu zeýkeş-zeýakaba suwlarynyň hojalygara esasy zeýkeşlere birleşdirilmegi arkaly gaýtadan peýdalanmak üçin ulanylmagy peýdalanylan suwlary ekologiýa taýdan howpsuz ýere – Garaşor oýuna ýygnamak üçin bütewi ulgam döretmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, daşky gurşawy gorap saklamak we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselesi çözüldi.

Himiýa institutynyň alymlarynyň barlaglarynyň görkezişi ýaly, “Altyn asyr” Türkmen köli ulgamy şeýle hem suwarymly ekarançylyk üçinem, maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçinem giňişleýin ulanylyp bilner. Özboluşly gidrotehniki desganyň ähli zeýkeşleriniň uzynlygy 2859 kilometrdir, şol sanda welaýatlarda gurlan Baş zeýkeşe guýýan kanallaryň uzynlygy 1553 kilometrdir.

Hünärmenler alty ýyllyk barlaglaryň we hasaplamalaryň netijesinde ulgamyň şorlygynyň amatly ýerlerini kesgitlediler we gidrodesga golaý ýerlerdäki örüleri we ekarançylyk ýerlerini suwarmak üçin zeýkeş-zeýakaba şor suwlary ulanmagyň mümkinçiliginiň kartasyny düzdiler.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr”

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС