20-nji iýunda Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda “Cyber Security Day” atly temada maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – “Türkmen Tranzit” HJ hem-de IT çözgütleri/tehnologiýalaryny üpjün edýän dünýä lideri “MUK International” kompaniýasy gurnadylar, diýip TSTB-niň resmi sahypasynda habar berilýär.
Kiber howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan bu duşuşyga döwlet we hususy düzümleriniň, IT-tehnologiýalary we IT-howpsuzlygy ulgamlarynda ýöriteleşen türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda “Check Point Software Technologies Ltd” (Ysraýyl), “Symantec” (ABŞ), “Penta Security Systems Inc.” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalaryň hünärmenleri gatnaşyjylara öz programma önümlerini görkezip, maglumat howpsuzlygy ugrunda öňde baryjy çözgütler bilen tanyşdyrdylar.
Çäräniň gurnaýjysy “Türkmen Tranzit” HJ ýerli bazarda barlag geçirmek we kiber hüjümden ulgamlary goramak boýunça toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýär. Kompaniýa maglumat howpsuzlygy pudagynda halkara liderleri “CheckPoint”, “Symantec”, “PentaSecurity”, “Allot”, “Radware” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Kiber howpsuzlyk maglumat tehnologiýalarynyň häzirki zaman ösüşi we ähmiýeti boýunça möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Maglumat tehnologiýalarynyň durmuşa girizilmegi häzirki döwürde jemgyýetiň adaty ýaşaýşy bilen özara baglanyşyklygy döredýär.
Maglumat ulgamyna hüjüm etmek – bu hüjümçiniň maglumatyň üç alamatynyň biriniň – elýeterliligiň, bitewiligiň ýa-da gizlinliginiň bozulmagyna gönükdirilen hereketleriniň jemidir.