Türkmenistanyň dürli nokatlarynda 2020-2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalarynyň birnäçesi gurlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gurluşyk işleri boýunça Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli senagat we önümçilik desgalarynyň 2020-2023-nji ýyllarda gurulmagyny üpjün etmek, şolary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin halkara bäsleşiklerini geçirmek hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Önümçilikler boýunça Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän kärhanany, Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna aýna önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany, Daşoguz şäherinde dürli görnüşli keramiki gap-gaçlary öndürýän zawody gurmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem ýylda 150 müň tonna kuwwaty bolan armatura öndürýän goşmaça önümçilik desgasynyň gurluşygy meýilleşdirilýär.
“Türkmensement” döwlet kärhanasynyň Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň kuwwatlygyny artdyrmak maksady bilen, şolaryň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.