Türkmenistan 155 müň tonnadan gowrak ýeralma ýygmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan 155 müň tonnadan gowrak ýeralma ýygmakçy
Ýeralmanyň we soganyň hasylyny ýygnamak möwsümi iýul aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

Şu ýyl Türkmenistanda 11,100 gektardan 155 müň 400 tonna ýeralma hasylyny we 3,800 gektardan 95 müň tonna sogan almak meýilleşdirilýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti penşenbe güni habar berýär.

Habara görä, gurak howanyň gök önümleriň bu iki görnüşini ösdürip ýetişdirmekde amatly däldigini göz öňünde tutup, döwlet her ýyl ýeralmany we sogany ösdürip ýetişdirmek üçin goşmaça ýerleri bölüp berýär. Şu ýyl goşmaça ýerleriň 2,500 gektary bölünip berildi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Azyk senagaty müdirliginiň aýtmagyna görä, ýygnalan hasylyň bir bölegi bölekleýin satuwa çykarylýar, beýleki bölegi döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň desgalaryna iberilýär. Artygy bolsa, döwlet sowadyjy ammarlarynda saklanýar.

“Gök önüm sowadyjy ammarlarynyň esasy bölegi oktýabr aýynda käşiriň hem-de kelemiň ýygymynyň başlanmagy bilen doldurylýar” diýip, habarda aýdylýar.

Maglumata görä, Ministrligiň düzüminde 10 sany sowadyjy ammar hereket edýär. Soňky ýyllaryň dowamynda Lebap, Daşoguz, Mary welaýatlarynda 3 müň tonna gök önümi, şeýle hem Ahal welaýatynda 2 müň tonna miwe hem-de gök önümi sygdyrmaga ukyply uly ammarlar guruldy.

Ýeralmanyň we soganyň hasylyny ýygnamak möwsümi iýul aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022