“Datmeni” haryt nyşanly kärhana köpugurly önümçiligi ýola goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Datmeni” haryt nyşanly kärhana köpugurly önümçiligi ýola goýýar
Kärhanada mäşi, noýbany, günebakar çigidini, mekgejöwen dänlerini, şalynyň dürli görnüşlerini, merjimegi arassalamak we gaplamak boýunça önümçilik bölümi bar.

“Datmeni” haryt nyşanly önümleri öndürýän telekeçi Meret Meredowyň hususy kärhanasy miwe şireleriniň hem-de mürepbeleriň önümçiligini ýola goýdy diýip, “Ahal durmuşy” gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Welaýat neşiri kärhananyň degişli bölüminde erik, ýertudanasy, garaly, injir, gawun, ülje, klubnika mürepbeleriniň öndürýändigi barada ýazýar. Bu önümler 0,5 litrlik çüýşe gaplarynda alyjylara hödürlenilýär. Häzirki wagtda bu ýerde miwe şireleriniň 15 görnüşi öndürilýär.

M.Meredowyň köpugurly kärhanasynda şeýle hem ýokary hilli iri, ownuk we örän ownuk ýodlaşdyrylan nahar duzlary taýýarlanylýar. Ol awtomatik tertipde 0,5 we 1 kg polietilen gaplara, şeýle hem 1,2 kg plastik bedrelere gaplanylýar. Döwrebap enjamlar arkaly bir günde ortaça 20 tonna duz gaýtadan işlenilýär we gaplanylýar.

2017-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda işe girizilen bu kärhana öz işini nahar duzlaryny öndürmekden başlady. Häzirki wagtda bu ýerde miweden taýýarlanylýan kökeleriň önümçiligi hem ýola goýuldy. Taýýar önüm 700 g agramlykdaky firma gapyrjaklaryna gaplanylýar we söwda nokatlaryna iberilýär.

Mundan başga-da, kärhanada mäşi, noýbany, günebakar çigidini, mekgejöwen dänlerini, şalynyň dürli görnüşlerini, merjimegi arassalamak we gaplamak boýunça önümçilik bölümi bar.

2022