Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmak boýunça işler geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmak boýunça işler geçirilýär
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çarymyrat Amanowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabat şäherindäki Sanly ulgam merkezine baryp, ol ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarada bellenilişi ýaly, Döwlet Baştutanymyz “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, onuň esasy ýerine ýetirmeli wezipeleriniň üstünde durup geçdi.

Şol wezipeler ýurdumyzda kiberhowpsuzlyk syýasatyny durmuşa geçirmekden, merkezleşdirilen tertipde gözegçiligi amala aşyrmakdan, kiberhowpsuzlyk boýunça toparlaryň işini utgaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çarymyrat Amanowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda” Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, bellenen işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022