Türkmenistanda 82 müň tonnadan gowrak şaly hasyly ýygnalar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 82 müň tonnadan gowrak şaly hasyly ýygnalar
Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda şu ýyl 18 müň 300 gektara şaly ekmek meýilleşdirilýär we şondan 82 müň 400 tonna hasyla garaşylýar. Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna, Lebap welaýatynda bolsa 10 müň 200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky degişli Karara anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň mukdarynyň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8%-e barabar bolandygy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň häkimlerine we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz iki möhüm möwsümiň — galla oragynyň we pagta ýygymynyň ýetip gelýändigini belläp, olara gowy taýýarlyk görmelidigini aýtdy.

2022