Türkmenistanda 188 sany ýyladyşhana toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 188 sany ýyladyşhana toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar
Gurulýan ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 1 müň 792 gektara barabardyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 188 sany ýyladyşhana toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) maglumatlaryna salgylanyp, ýurdumyzyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Gurulýan ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 1 müň 792 gektara barabardyr. Häzirki wagtda ýyladyşhanalaryň enjamlaşdyryş we ulanyşa tabşyrmak işleriniň dürli tapgyrlary amala aşyrylýar.

Türkmen gök önüm öndürijileri ýylda ortaça 1 müň 580 tonna hyýar we 520 tonna süýji we ajy burç hasylyny ýygnaýarlar. Geçen ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek 60 tonna banan hasyly ýygnaldy.

Ýurdymyzyň hususy gök önüm öndürijileri 2021-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda ýyladyşhanada ösdürilen pomidorlaryň 51 müň 300 tonnadan gowragyny  eksport etdiler. Olaryň umumy bahasy 56 million ABŞ dollardan gowrak boldy.

Häzirki wagtda TSTB-nyň agzalary umumy meýdany 530,54 gektara deň bolan ýyladyşhanalar toplumyny dolandyrýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022