Türkmenistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary başlandy
Raýatlar ýurduň içinde saýlaw uçastoklarynyň 2 müň 577-sinde we daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarynyň 30-synda ses berip bilerler.

Türkmenistanda şenbe güni saýlaw uçastoklarynda sagat 07:00-da möhletinden öň Prezident saýlawlaryna ses bermek başlandy we 19:00-da tamamlanýar.

Ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgär bellige alyndy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň maglumatlaryna görä, ses bermek üçin Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşýän ilçihanalarynda we konsullyklarynda 41 sany saýlaw uçastogy we ýurduň içinde 2 müň 577-si döredildi.

Ýurdymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň jemi 3,43 milliony hasaba alyndy. Şeýle hem, daşary ýurtda 23 müň 840 saýlawçylar hasaba alyndy.

Merkezi Saýlaw toparynyň habar bermegine görä, sagat 11-e çenli saýlawçylaryň 51,05% ses berdi.

Saýlawlara 2 müň 620 milli synçydan başga-da halkara synçylar hem gatnaşýar. Ses bermek prosesi baradaky maglumatlar Merkezi saýlaw toparynyň resmi saýtynda onlaýn ýagdaýda täzelenýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçişi barada ýurdumyzyň telewideniýesinde we radiosynda göni ýaýlymda görkezilýär hem-de habar berilýär. Daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem saýlawlar barada habar berýärler.

Şu ýylyň 19-njy martynda “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre geçiriler.

2022