Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreler geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, türkmen zenanlarynyň 300-e golaýyna “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy.

Aşgabatda sişenbe güni Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, türkmen zenanlarynyň 300-e golaýyna “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara täze, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

Mundan başga-da, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda gelin-gyzlara bagyşlanan konsert geçirildi.

Baýramçylyk konsertine Türkmenistanyň dürli künjeklerinden zenanlar, Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar, «Ýylyň zenany — 2023» we beýleki döredijilik, hünär bäsleşikleriniň ýeňijileri, şeýle hem Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri gatnaşdylar.

Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda we guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalarda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zenanlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. 

Şu günler Halkara zenanlar güni mynasybetli taýýarlanylan baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sahnalarynda, konsert meýdançalarynda aýdym-sazly çykyşlara beslenip, giňden ýaýbaňlandyrylýar.

2022