“Biznes Türkmenistan” internet neşiri dört ýaşady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri dört ýaşady
"Biznes Türkmenistan" biznes maglumatlary, habarlary we seljermeleri okyjylara yzygiderli ýetirýär.

2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda işläp başlan we okyjylara türkmen, iňlis, rus hem-de türk dillerinde habarlary ýetirýän “Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiri dört ýaşady.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri ABŞ-nyň “Google News” we Russiýanyň “Yandex Novosti” habar toplaýjy ulgamlary tarapyndan Türkmenistanyň adyndan ilkinji resmi hasaba alynan habar beriş serişdesidir. Şeýle hem “Twitter”, “Facebook”, “Instagram” we “LinkedIn” ýaly sosial aragatnaşyk torlarynda neşiriň sahypalary açyldy.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň applikasiýasy “Android” we “iPhone” mobil telefonlary üçin hem elýeterli edildi. Şeýle hem mobil goşundysy “Google Play” we “App Store” platformalarynda elýeterlidir.

“Biznes Türkmenistan” biznes maglumatlary, habarlary we seljermeleri yzygiderli okyjylara ýetirip, ýerli we halkara biznesleri hem-de sarp edijileri dürli ugurlardaky habarlar, maglumatlar hem-de ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär. Şeýle hem BT neşiri Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarylýan harytlaryň kotirowkalaryny, Türkmenistanda hereket edýän kompaniýalarda döreýän boş iş orunlaryny, hususy kompaniýalar we döwlet edaralary tarapyndan yglan edilýän tenderleri ulanyjylara yzygiderli ýetirip durýar.

Türkmenistanyň we dünýä ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, şeýle-de halkara guramalaryň resmi web sahypalary BT neşirine yzygiderli salgylanýarlar. ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Halkara söwda administrasiýasy Türkmenistan boýunça täjirçilik iş gollanmasynda “Biznes Türkmenistan” web sahypasyny täzelikleriň we maglumatlaryň ygtybarly çeşmesi hökmünde görkezýär. Russiýanyň Senagat we söwda ministrligi BT neşirinde çap edilýän halkara tenderlere yzygiderli salgylanýar.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri öz-özüni maliýeleşdirýän, şol sanda mahabatlardan alnan girdejileriň hasabyna iş alyp barýan neşirdir. Neşiriň redaksiýasyna “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk işlerini, şol sanda habarlary işläp taýýarlamak we ýerleşdirmek bilen bagly işleri alyp barmak üçin Ygtyýarnama berildi.

2022