“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda mekdepler we çagalar bagy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda mekdepler we çagalar bagy gurlar
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Akýap obasynda açylan 31-nji orta mekdep, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabry.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň fewralynda başlamak we umumybilim berýän mekdepleri hem-de çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň buýurmagynda 10 sany dokuz gatly ýaşaýyş jaýy gurlar.

2022