Ýanwar-fewral: Bakuwyň üstünden Türkmenistandan, Gazagystandan daşalan nebitiň möçberi 17,8% boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-fewral: Bakuwyň üstünden Türkmenistandan, Gazagystandan daşalan nebitiň möçberi 17,8% boldy
"Azer Trans" Baku nebit terminaly, Azerbaýjan (Surat: AzerTrans)

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy möçberiniň 17,8 göterimini Türkmenistandan we Gazagystandan iberilen nebit düzdi.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfaks-Azerbaýjan” habarlar agentliginiň geçen anna güni beren habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi.

Hasabat döwründe Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisiniň üsti bilen daşalan nebitiň umumy mukdary 4 million 725,1 müň tonna deň boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 2,1 göterim ýokarydyr.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly iberilen nebitiň umumy möçberiniň 17,3 göterimini Türkmenistandan we Gazagystandan üstaşyr geçirilen nebit düzdi.

2022