Türkmen gazy Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä akdyrylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen gazy Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä akdyrylar
Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 14-nji maýy, Stambul, Türkiýe (Surat: Mikail Jabbarowyň X sahypasy)

Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrligi bilen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrligi sişenbe güni Stambul şäherinde türkmen tebigy gazyny Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä ugratmak hakynda ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada “Bloomberg HT” habar berýär.

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen bilelikde Stambulda geçirilen Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasynda tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekmek dabarasyna gatnaşdy.

Gepleşikleriň barşynda Alparslan Baýraktar iki ýurduň Baku-Tbilisi-Erzurum gaz geçirijisini we Transanatoliýa gaz geçirijisiniň taslamasyny işläp taýýarlandyklaryny belledi.

Mundan ozal, Türkiýäniň döwlet kompaniýasy BOTAŞ türkmen tebigy gazynyň türk bazaryna eksport edilmegine goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

2022