Aşgabatda çörek önümlerini öndürýän iki sany zawod gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda çörek önümlerini öndürýän iki sany zawod gurlar
Çörek önümçiliginden bir pursat

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde çörek we çörek önümlerini öndürýän iki sany zawod gurular.

Bu maksat bilen “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi Aşgabat şäherinde ýyllyk önümçilik kuwwaty 15 müň tonna bolan galypda taýýarlanylan çöregi, ýyllyk kuwwaty 14 müň 500 tonna bolan türkmen milli çöregini, ýyllyk kuwwaty 500 tonna bolan çörek we konditer önümlerini we ýyllyk kuwwaty 600 tonna bolan gury hamyrmaýa taýýarlaýan iki sany zawody gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çarşenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänler doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalygy baradaky maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär.

2022