ECO-93 benziniň ilkinji tapgyry goýberildi

ECO-93 benziniň ilkinji tapgyry goýberildi
Gazdan öndürilen ilkinji benzin we suwuklandyrylan gaz ýörite awtomobil we demirýol düzümleri bilen ugradyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gazdan benzin öndürýän täze zawodyň önümleriniň ilkinji tapgyryny ulanyşa goýberdi.

TDH-nyň habar bermegine görä, gazdan öndürilen ilkinji benzin we suwuklandyrylan gaz ýörite awtomobil we demirýol düzümleri bilen ugradyldy.

“Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen dabaraly mejlisde türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, bu önümiň ilkinji 60 tonnasy doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberiler.

Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi eýýäm biziň önümlerimiz bilen gyzyklanýandygyny beýan etdiler. Ahal welaýatyndaky zawodyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Bolgariýa, Gresiýa, Rumyniýa we beýleki ýurtlar öz sargytlaryny berdiler.

Dabara gatnaşyjylary bu ähmiýetli waka bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz zawoddan ugrady.

Aşgabada tarap ýola düşüp, döwlet Baştutanymyz 4-nji ýangyç guýujy bekedine bardy.

Bu ýerde ilkinji gezek türkmen Lideriniň awtoulagy EURO-5 standartlaryna gabat gelýän ECO-93 ekologik taýdan arassa sintetik benzin bilen dolduryldy.

Tebigy gazy has çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemek energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, eýsem, energetika eksportunyň harytlyk düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze usullaryny işjeň ornaşdyrmagynyň hasabyna bazarda eýeleýän ornunyň häsiýetini hil taýdan özgerdýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022