Nobatdaky şaly möwsüminde Türkmenistanda 83 müň tonna hasyl ýygnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Nobatdaky şaly möwsüminde Türkmenistanda 83 müň tonna hasyl ýygnaldy
83 müň tonna şalynyň 48 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 35 müň tonnasy bolsa Daşoguz welaýatynda ösdürilip ýetişdirildi.

Türkmen kärendeçileri ýyllyk şaly meýilnamasyny doldurdylar. Umumylykda tabşyrylan 83 müň tonna şalynyň 48 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 35 müň tonnasy bolsa Daşoguz welaýatynda ösdürilip ýetişdirildi.

Şu ýyl Amyderýa jülgesinde güýzlik galla ýygnalandan soň boşan 10 müň 200 gektar ýerde şaly ekildi. Döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw we satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy.

Welaýatyň zähmet ýeňşine döwlete 10 müň tonna golaý şaly tabşyran Çärjew etrabynyň şalyçylary saldamly goşant goşdular. Şalynyň her gektarynyň hasyllylygy ortaça 55 sentnere barabar boldy.

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary 8 müň 100 gektar ýerde şaly ýetişdirdiler. Ýyllyk borçnamalaryny üstümizdäki aýyň ortalaryna tamamlan demirgazyk welaýatynyň ekerançylary şalynyň “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Elenge” görnüşlerini ýygnadylar.

Ýygnalan hasyl welaýatyň şaly ekerançylygyna ýöriteleşdirilen Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň şaly arassalaýjy zawodyna tabşyryldy.

Şaly ýetişdirmek işine hususyýetçiler hem goşulyp başladylar. “Myradym” hususy kärhanasy Kerki etrabynyň çäginden 2 müň gektar ýer alyp, şaly ekmegi meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022