Mahaçkala portuna türkmen dizel ýangyjy iberildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mahaçkala portuna türkmen dizel ýangyjy iberildi
Mahaçkala halkara söwda porty – Hazar deňziniň Günbatar kenarynda ýerleşip, Russiýanyň Hazar deňzinde doňmaýan porty hasaplanýar.

Çarşenbe güni Russiýanyň Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala portuna “Baltflot-15” gatnawy bilen Türkmenistandan 6 müň tonna golaý dizel ýangyjy geldi. Bu barada “Neftegaz.RU” habar berýär.

Portuň wekilleriniň aýtmagyna görä, her aý Türkmenistandan Mahaçkala portuna 40 müň tonna golaý mazutyň we dizel ýangyjynyň getirilmegi meýilleşdirilýär. Geljekde bu nebit önümleriniň möçberini 100 müň tonna çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Mahaçkala halkara söwda porty – Hazar deňziniň Günbatar kenarynda ýerleşip, Russiýanyň Hazar deňzinde doňmaýan porty hasaplanýar. Bu port Ýewropa-Kawkaz-Aziýa söwda ýolunda ýerleşýär we ýylyň ähli paslynda gatnawlary kabul etmäge ukyply.

Şu ýylyň iýul aýynda Russiýanyň we Türkmenistanyň ulag, port we logistika edaralarynyň wekilleriniň Moskwada geçen duşuşygynda Türkmenbaşy we Mahaçkalanyň arasynda parom gatnawyny ýola goýmagyň meselesine hem seredilipdi.