Türkmenistanda internet hyzmatlaryny üpjün edijiler çäklendirilmedik öý üçin internet nyrhnamasynyň bahasyny arzanlatdylar. Nyrh meýilnamalarynyň üýtgemegi şu gün “Turkmentelekom” we AŞTU telekommunikasiýa kompaniýalarynyň resmi internet sahypalarynda habar berilýär.
Indi çäklendirilmedik öý üçin internet nyrhnamasynyň aýlyk bahasy 256Kb/sek tizlik üçin 100 manat, 512Kb/sek üçin 150 manat, 1Mbit/sek üçin 170 manat, 2Mbit/sek üçin 200 manat boldy.
Ozal çäklendirilmedik öý üçin internet nyrhnamasynyň aýlyk bahasy 256Kb/sek üçin 150 manada, 512Kb/sek üçin 250 manada, 1Mbit/sek üçin 300 manada, 2Mbit/sek üçin 350 manada barabardy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni geçiren iş maslahatynyň dowamynda wise premýer Baýramgeldi Owezowa ilata hödürlenýän Internet hyzmatlary we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi, ilat köpçüligine Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
"Türkmentelekom "kompaniýasy 1993-nji ýylyň 7-nji aprelinde döredildi. Onuň dolandyryş merkezi Aşgabat şäherinde ýerleşip, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda şahamçalary bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 17-nji aprelinde kabul eden karary esasynda Aşgabat şäher telefon ulgamy döwlet kärhanasynyň binýadynda, ‘’Aşgabat şäher telefon ulgamy’’ ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi.