Türkmenistanda at çapyşyklara totalizator goýumlary giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda at çapyşyklara totalizator goýumlary giriziler
Täze programma üpjünçiligi we mobil goşundysy “Türkmen atlary” döwlet birleşigi we “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni geçiren iş maslahatynyň barşynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew atçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen, at çapyşyklarynda goýumly oýunlary, ýagny totalizator oýunlaryny geçirmek üçin ýörite programma üpjünçiliginiň we onuň mobil goşundysynyň taýýarlanandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, täze programma üpjünçiligi we mobil goşundysy “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen bilelikde taýýarlanyldy. Maslahatyň dowamynda olary atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek üçin birnäçe teklipler hödürlenildi.

Iş maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Şeýle-de atçylyk ýaryşlarynda gowşuryljak kuboklaryň görnüşleri we türkmen topragynda şöhrat gazanan, ýyndamlykda hem-de owadanlykda tapawutlanan türkmen bedewleriniň atlaryna goýuljak baýraklaryň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda geçirilýän at çapyşyklarynyň täze möwsümlerinde janköýerleri höweslendirmek üçin totalizator goýumlaryny ýola goýmak boýunça tabşyryklary berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022