Türkmenistanda 112 ýa-da 911 belgili gyssagly kömek hyzmaty synag ediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 112 ýa-da 911 belgili gyssagly kömek hyzmaty synag ediler
Dünýäniň köp ýurtlarynda 112 we 911 gyssagly kömek telefon belgileri diňe adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin niýetlenendir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparynyň dowamynda “Tiz kömek” gullugynyň 03 belgisine jaň edilende, näsagyň ýerleşýän ýerini takyklap bolmaýandygyny belläp, bu babatda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan 112 ýa-da 911 belgini synag edip görmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Milli Liderimiz halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we derejesini artdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Mundan başga-da, “Tiz kömek” hyzmatlary häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir, bu hyzmatlara gelip gowuşýan sargytlar we olaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly wezipeler sanly ulgam arkaly dolandyrylmalydyr diýip, Döwlet Baştutanymyz nygtady.

“Hususan-da, 112 belgä jaň edilende, degişli gulluk kömege mätäç adamyň ýerleşýän ýerini kesgitläp biler, lukmançylyk edarasy bolsa ony hassahana ýerleşdirende, näsagyň lukmançylyk kitapçasyny alyp bilýär. Munuň özi lukmançylyk hyzmatynyň şu görnüşiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda, gelip gowuşýan sargytlaryň ähmiýetini we onuň derejesini kesgitlemekde has-da möhümdir” diýip, Hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.

Şeýle-de Ahal welaýatynyň täze döwrebap dolandyryş merkezinde welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasynyň, 360 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş hem-de “Tiz kömek” merkezleriniň bina ediljekdigi bellenildi.

112 we 911 gyssagly kömek telefon belgileridir. Dünýädäki beýleki gyssagly kömek belgileri ýaly, bu sanlar diňe adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin niýetlenendir. 112 Ýewropanyň we Aziýanyň käbir ýurtlarynda we 911 bolsa Amerikada ulanylýar.

2022