Lebaply işewürler 5 müň tonna golaý pomidory eksport etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply işewürler 5 müň tonna golaý pomidory eksport etdiler
Türkmen pomidorlary Russiýa, Gazagystana we Gyrgyzystana eksport edildi.

Lebap welaýatynyň işewürleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri 4 müň 700 tonna pomidory daşary ýurtlara eksport etdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen pomidorlary Russiýa, Gazagystana we Gyrgyzystana eksport edildi. 2020-nji ýylda bolsa pomidoryň 4 müň 974 tonnasy daşary ýurtlara iberildi.

Mundan başga-da, lebaply işewürleriň dünýä bazarynda dürli önümleriniň şol sanda azyk önümleriniň eksporty yzygiderli artýar. 2020-nji ýylyň başyndan şu güne çenli 4 müň tonnadan gowrak noýba we 190 tonnadan gowrak mäş Birleşen Arap Emirlikleri, Owganystan, Pakistan ýaly ýurtlar tarapyndan satyn alyndy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatyna görä, Türkmenistanda gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegi 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,7% ýokarlandy. Bu görkezijiler döwlet we hususy kärhanalara degişli ýyladyşhanalaryň sanynyň artdyrylmagynyň netijesinde gazanyldy.

2022