Bilermen türkmen-rus söwdasynyň ösüşiniň ýokary depginini belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bilermen türkmen-rus söwdasynyň ösüşiniň ýokary depginini belledi
Şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 344 million ABŞ dollaryna golaýlady.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde ýokary ösüş depgini görkezdi diýip, S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dosenti, ylymlar kandidaty Görogly Iljanowyň “CentralAsia.news” habar saýtynda penşenbe güni çap edilen makalasynda bellenilýär.

Bilermeniň aýtmagyna görä, üçünji çärýekde ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 344 million ABŞ dollaryna golaýlady. Bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 98,75% ýa-da takmynan 171 million ABŞ dollary ýokarydyr.

Şol döwürde Russiýanyň Türkmenistana eden eksporty 321 million ABŞ dollaryndan geçip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,82% ýa-da 174,3 million ABŞ dollary möçberinde artdy. Şol bir wagtyň özünde, Russiýanyň Türkmenistandan eden importy 22,8 million ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,27% ýa-da 3,5 million ABŞ dollary möçberinde azdyr.

Bilermen üç aýyň dowamynda Türkmenistanyň esasan Russiýadan tehnika, enjam we ulag import edendigini aýtdy. Türkmenistanyň Russiýa eksportynyň esasyny dokma we aýakgap önümleri düzdi. Şol döwürde türkmen himiki serişdeleri we azyk önümleri hem Russiýa iberildi.

Russiýanyň Astrahan oblastynda dörediljek Türkmenistanyň logistika merkezine üns çekip, Iljanow täze merkeziň döredilmeginiň ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine güýçli itergi berjekdigini aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022