Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryny syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryny syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Forumyň baş maksady syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmakdan hem-de pugtalandyrmakdan, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmekden we ilerletmekden ybarat boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Medeniýet ministrligi bilen bilelikde penşenbe güni ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanan sanly ulgam arkaly maslahat gurnadylar. Bu wideomaslahat Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guraldy.

Forumyň baş maksady syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmakdan hem-de pugtalandyrmakdan, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmekden we ilerletmekden ybarat boldy.

Foruma döwlet düzümleriniň wekilleri, işewürler, iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu ugurda ýöriteleşen bilermenleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylara ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikler boýunça geçýän syýahatçylyk ugurlary barada doly maglumat almaga mümkinçilik döredildi. Şeýle hem, forumda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy.

Sanly ulgam arkaly goşulyşan daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeni syýahatçylygynyň mümkinçilikleri boýunça öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Meşhur ahalteke bedewleri, wepaly alabaýlar, saz gurallarymyz we ajaýyp halylarymyz barada gürrüň edildi.

Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisi “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” diýen şygar astynda geçen ýylyň oktýabr aýynda öz işine başlady. “EKSPO-2020” sergisinde türkmen milli pawiliony “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” mowzugy bilen açyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022