TNGIZ 218 müň tonna kerosin öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZ 218 müň tonna kerosin öndürdi
Zawodyň şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda öndüren kerosini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 387 tonna köpdür.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (TNGIZ) şu ýylyň geçen alty aýynda 218 müň tonna golaý kerosin öndürildi.

Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berşi ýaly, zawodyň şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda kerosin öndürmek meýilnamasyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 387 tonnadan artyk ýerine ýetirildi.

Zawod ýanwar-iýun aýlarynda TC-1 görnüşli uçar kerosininiň 177 müň tonna töweregini we Jet A-1 görnüşli uçar kerosininiň bolsa 11 müň tonna golaýyny öndürdi.

Degişli döwürde Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän zawodda 2 million 389 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Zawodyň önümçiliginde 20-den gowrak dürli ýangyç we nebithimiýa önümleri bardyr.

TNGIZ Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) bir bölegidir. TNGIZT-iň düzümine Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) hem girýär.

2022