“Garabogazkarbamid” 463,8 müň tonnadan gowrak karbamid dökünini eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Garabogazkarbamid” 463,8 müň tonnadan gowrak karbamid dökünini eksport etdi
Gazhimiýa kärhanasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 668 müň 633 tonna karbamid döküni öndürildi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde ýerleşýän “Garabogazkarbamid” zawody şu ýylyň geçen ýedi aýynda karbamid döküniniň 463 müň 868 tonnasyny, ýagny öndürilen önümiň 69%-ni eksport etdi.

Gazhimiýa kärhanasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 668 müň 633 tonna  karbamid döküni öndürildi we meýilnama 107,6% ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Garabogazkarbamid” zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamidi hem-de 660 müň tonna sintetiki ammiagy öndürmäge ukyplydyr. Bu ýerde “mawy ýangyç” esasy çig mal bolup durýar.

“Garabogazkarbamid” iri senagat zawody 2018-nji ýylyň sentýabrynda ulanylmaga berildi. Zawod Daniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň we ABŞ-nyň döwrebap tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Zawod geçen 2021-nji ýyl boýunça karbamid döküniniň 989 müň 111 tonna golaýyny we suwuk ammiagyň 570 müň 466 tonnadan gowragyny öndürdi.

2022