Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýük awtoulaglary üçin täze tölegler bellenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýük awtoulaglary üçin täze tölegler bellenildi
Ýurduň çägine gelýän tirkegler üçin ýygymlaryň umumy bahasy 150 ABŞ dollaryna we üstaşyr geçýän tirkegler üçin bolsa 100 ABŞ dollaryna deň bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiň dowamynda Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan ýygymlary we tölegleri bellemek hakynda Karara gol çekdi. Bu tölegler 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutanymyz täze we durky täzelenen awtomobil ýollarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçirilmegini seljermegiň zerurdygyny aýtdy.

Täze ýygymlar we tölegler Aşgabat Ylalaşygynyň agza ýurtaryndan (Eýran, Oman, Türkmenistan, Özbegistan) we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň üsti bilen Owganystany Türkiýe bilen Ýewropa birleşdirýän Lapis Lazuli ugry boýunça Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin kesgitlenildi.

Ýurduň çägine gelýän tirkegler üçin ýygymlaryň umumy bahasy 150 ABŞ dollaryna we üstaşyr geçýän tirkegler üçin bolsa 100 ABŞ dollaryna deň bolar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň habar bermegine görä, bu mukdar resminama we gümrük amallaryny, trekingi, önümleriň karantin gözden geçirilmegini we dezinfeksiýa üçin ýygymlary öz içine alýar.

Bu täze ýygymlar we tölegler halkara ýük daşamakda türkmen ulag ulgamynyň bäsdeşlik ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir.

2022