Türkmenistanda 1,35 milliard manatdan gowrak maýa goýumy göz öňünde tutulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 1,35 milliard manatdan gowrak maýa goýumy göz öňünde tutulýar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow her ýyl ýurtda düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň ýokarlanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanda 1 milliard 354 million 590 müň manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulandygyny aýtdy.

Mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyna üns jemlenip, oňa Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow her ýyl ýurtda düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň ýokarlanýandygyny belläp, bu serişdeleriň 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende has artykdygyny aýtdy.

“Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberleri hem artdyrylýar. Düýpli maýa goýumlaryň kesgitli möçberi önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygyna gönükdirilmelidir” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylda uly netijeleri gazanmak üçin maýa goýumlaryny, esasan, diwersifikasiýanyň, innowasion esasda önümçilikleri döretmegiň hasabyna ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022