Daşoguz welaýatynda 123,2 müň tonna ýeralma hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz welaýatynda 123,2 müň tonna ýeralma hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär
Şu ýyl welaýat boýunça 4 müň 400 gektar ýerde ýazlyk sogan ekiler. Ýer eýeleri şonça meýdandan 110 müň tonna hasyl öndürmegi maksat edinýärler.

Daşoguz welaýaty boýunça şu ýyl 8 müň 800 gektar meýdana ýeralma ekmek hem-de şol ýerden 123 müň 200 tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Şu ýyl welaýat boýunça 4 müň 400 gektar ýerde ýazlyk sogan ekiler. Ýer eýeleri şonça meýdandan 110 müň tonna hasyl öndürmegi maksat edinýärler.

Mundan başga-da, Daşoguz welaýaty boýunça 2023-nji ýylda 970 gektara barabar meýdanda pomidoryň, 100 gektar ýerde hyýaryň, 780 gektarda sarymsagyň, 730 gektar meýdanda käşiriň, 385 gektar ýerde hem kelemiň bereketli hasylyny ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem şu ýyl welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda gowaça ekişini bellenilen möhletlerde geçirip, bol pagta hasylyny almak meýilleşdirilýär. Şu ýyl welaýatda gowaça tohumynyň uýgunlaşan “149-F”, “F-47-27”, “Daşoguz-127”, “Serdar” görnüşlerini ekmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda pagta arassalaýjy kärhanalarda şu ýylyň hasyly üçin gowaça tohumynyň 26 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl suwdan tygşytly peýdalanmak, hususan-da, suwaryşyň dürli, şol sanda damjalaýyn usullaryny ulanmak babatda degişli işler alnyp baryldy.

2022