TDHÇMB

Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi, 2023-nji ýylyň 29-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde çarşenbe güni Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň we Hytaýyň degişli pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde degişli Teswirnama, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan (çepde) resminamalara gol çekmek dabarasynda, 29-njy noýabr, Aşgabat, Türkmenistan

Komitetiň 6-njy mejlisiniň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde däp bolan söwda-ykdysady, ulag, energetika pudaklary görkezildi.

Mejlisiň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle-de senagat pudagynda, şol sanda oba hojalygynda, işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu gezekki duşuşygyň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň köptaraply kuwwatyny doly herekete getirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
Mart 13, 2025