Türkmenistan Özbegistana benzin eksporty boýunça ikinji orny eýeleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Özbegistana benzin eksporty boýunça ikinji orny eýeleýär
Benziniň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 esse ýokarlandy.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň başyndan bäri Özbegistana 121 million litr benzin eksport edip, goňşy ýurda Russiýadan soň ikinji esasy ýangyç iberiji boldy. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti duşenbe güni habar berdi.

Şu ýylyň başyndan bäri Özbegistan 280 million litrden gowrak benzin import etdi. Bu ýangyçlaryň umumy bahasy takmynan 100 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şeýlelik bilen, benziniň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 esse ýokarlandy.

Komitetiň maglumatlaryna görä, diňe awgust aýynda Özbegistana 7 million litr benziniň getirilendigi bellenilýär.

Şu ýyl Russiýa (139 million litr) Özbegistana ýangyç ibermekde öňdeligi saklaýar. Özbegistana ýangyç eksport eden döwletleriň hataryna Türkmenistandan soňra Gazagystan (16 million litr) we Yrak (3,6 million litr) girdi.

Şol bir wagtyň özünde, ýanwar-awgust aýlarynda Özbegistanda takmynan 730 müň tonna benzin öndürildi. Onuň önümçiligi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,1% ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 418 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,6% ýokarydyr.

2022